GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi. Modele tabşyryklar surat görnüşinde berildi. Onuň ýazan jogaplaryny we düzmelerini bolsa «Kawai Juku» taýýarlyk mekdebiniň mugallymlary barlady. Tokio uniwersitetindäki netijeler: Emeli aň lukmançylyk ugry boýunça iň gowy netije görkezen dalaşgärden 50 bal köp toplady we matematikadan iň ýokary netijäni aldy. Ynsanperwer ugurlarda 550 baldan 452, tebigy bilimlerde 503 bal toplamagy başardy. Netijeler her ders boýunça birmeňzeş bolmady. Eger EA iňlis dilinden takmynan 90% netije görkezen bolsa, dünýä taryhy boýunça düzme ýazmakda bary-ýogy 25% töweregi bal alyp bildi. Emeli aň Kioto uniwersitetinde hem bellenilen ballardan ep-esli ýokary geçdi. Hukuk fakulteti: 771 bal (geçiş baly 734); Lukmançylyk fakulteti: 1176 bal (ozalky rekord 1098). Ýokarky maglumatlardan ugur alyp, emeli aňyň gysga wagtyň içinde uly ösüşe ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Sebäbi 2024-nji ýylda GPT-4 modeline bu synaglary tabşyrmak başartmandy. 2025-nji ýylda hem başga bir model iň pes geçiş balyny alypdy. Görşümz ýaly, 2026-njy ýylda bolsa GPT-5.2 eýýäm rekordlary täzeleýär. Synçylar emeli aňyň beýle ýokary ballarynyň häzirki synag ulgamlaryny täzeden gözden geçirmek üçin çynlakaý sebäpdigini belleýärler.