20–21-nji aprel aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «IT-Intellekt: Sanly Test – 2026» atly hakaton geçirildi. Oňa ýurduň 19 sany ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, hakaton onlaýn görnüşde, şahsy we toparlaýyn hasap boýunça test synaglary görnüşinde geçirildi. Hakatonyň Gran-pri baýragy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Berdimyrat Aşyrmyradowa gowşuryldy. I orun — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Begmyrat Rozyýew hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Gadam Muhammetöwezow. II orun — Serdar Öwezmyradow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti), Kakajan Döwranow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Perman Kakajanow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) we Döwran Akmyradow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti). III orun — Muhammet Wepamyradow («Türkmennebit» DK-nyň Mary nebitgaz hünär mekdebi), Arslan Baýramow we Arslan Sünnetow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Nurmuhammet Aşyrow (Türkmenistanyň Serhet instituty) hem-de Baýmyrat Aşyrow (Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport instituty). Toparlaýyn hasapda Gran-pri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna berildi. I orun — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary, II orun — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary, III orun — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary eýeledi. Hakatonyň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy.