Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar Şu ýylda geçiriljek 83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna aktrisa we režissýor Meggi Džillenhol ýolbaşçylyk eder. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Festiwal 2-nji sentýabrdan 12-nji sentýabra çenli geçiriler. «Men şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk etmek baradaky çakylygy alandygyma örän şat. Wenesiýa hemişe hakyky we gaýtalanmajak sesleri goldap geldi we bu batyrgaý hem-de zerur däbi dowam etdirmekde öz paýymy goşmak meniň üçin uly hormat. Men ýazgarmak maksady bilen däl-de, eýsem gyzyklanma, haýran galma we tolgundyryjylyk bilen işlärin» — diýip, Džillenhol öz begenjini paýlaşýar. Soňky birnäçe ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk eden beýleki zenanlaryň arasynda Keýt Blanşett (2020), Julianna Mur (2022) we Izabel Ýupper (2024) bar. Aktrisa hökmünde Džillenhol «Kätip», «Donni Darko», «Öwrenişmek», «Mona Lizanyň ýylgyryşy», «Ekiz diňler» we «Frenk» ýaly filmlerdäki keşpleri bilen tanalýar. 2021-nji ýylda onuň režissýorlyk debýuty bolan «Nätanyş gyzym» filmi Wenesiýa kinofestiwalynda iň gowy ssenariý üçin baýraga mynasyp boldy. Ýakynda bolsa onuň «Gelin» atly gotik romantik filmi prokata çykdy.