Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar. Adanyň Sen-Deni şäheri bilen port şäher Le-Porty birleşdirýän 1959-njy ýyldaky köne ýol örän howply. Ol bir tarapy dik gaýalar, beýleki tarapy umman bolan darajyk ýerde ýerleşýär. Günde 80 müň ulagyň gatnaýan bu ýoly güýçli tupanlar we gaýa çökmeleri ýygy-ýygydan ýapyp goýýar. Şonuň üçin inženerler ýoly suwuň üstüne – ummana geçirmek kararyna geldiler. Taslamanyň uzynlygy 12,5 kilometr bolup, onuň esasy bölegini 5,4 kilometrlik «Grand-Shalup» köprüsi düzýär. Bu Fransiýanyň iň uzyn köprüsi hasaplanýar. Ýöne gurluşyk ýyllarboýy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ilki bilen daş almak üçin hendekleriň gurluşygyna ekologlar garşy çykdylar we kazyýet olary gadagan etdi. Soňra beton bloklarynyň ýalňyş goýulmagy işiň dowamlylygyna päsgel berdi. Şu kynçylyklar sebäpli taslamanyň bahasy 2 milliard ýewrodan geçdi we ol dünýäniň iň gymmat ýollarynyň hataryna girdi. 2022-nji ýylda hökümet ýoluň galan bölegini hem geçelge görnüşinde gurmak kararyna geldi. 2025-nji ýylyň ahyrynda taýýarlyk işleri başlandy, gurluşygyň esasy bölegi bolsa 2027-nji ýyla meýilleşdirildi. Taslamanyň 2030-njy ýyla çenli doly tamamlanmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda sürüjiler ýoluň täze bölümlerini we köne ýoluň bir bölegini gezekleşip ulanmaly bolýarlar. Bu ýagdaý geografik we ekologik şertleriň iň uly inženerçilik meýillerine hem nähili çäklendirme goýup bilýändigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir