Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, içki emeli aň modellerini ulanyp, suratlary işläp çykarmak birnäçe sekunt wagt alar. Täze gurallary üstümizdäki ýylyň güýzünde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär we olaryň iOS 27-de Apple Intelligence platformasynyň bir bölegi bolmagyna garaşylýar. Apple enjamlaryny ulanyjylar häzirki wagtda süzgüçleri ulanyp, suratlary kesip, suratlardan obýektleri aýyrmakda emeli aňdan peýdalanýan "Arassalamak" funksiýasyny ulanyp bilerler. Ulgamyň täze wersiýasynda "Giňeltmek", "Gowulandyrmak" we "Kadry üýtgetmek" ýaly Apple Intelligence gurally ýörite bölüm bolar. Şeýle-de bolsa, täze mümkinçilikleri işläp düzmekde kynçylyklar ýok däl. Bilermenleriň sözlerine görä, käbir gurallar içerki synaglar wagtynda ýaramaz netije görkezdi. Mundan başga-da, ulanyjylar öň Apple-iň ilkinji emeli aň guralyny onuň durnuksyz netijeleri üçin tankyt edipdiler. Bloomberg kompaniýanyň bäsdeşleriniň yzyndan ýetmäge çalyşýandygyny belleýär. Google birnäçe ýyl bäri Pixel enjamlarynda şuňa meňzeş funksiýalary hödürleýär we Samsung Galaxy smartfonlarynda emeli aň redaktirlemesini işjeň ornaşdyrýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir