Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň eksport gözegçiliginiň talaplaryna esaslanýan barlagdan soň kabul edildi. Meta geçen ýylyň dekabr aýynda Manus startapyny satyn alýandygyny yglan edipdi. Emma Hytaýyň kadalaşdyryjy edaralary bu söwdanyň hereket edýän düzgünleri bozup biljekdigini öňe sürüp, barlag işlerine başladylar. Netijede, Hytaýyň Ösüş we özgertmeler baradaky Döwlet komiteti şertnamanyň ýatyrylýandygyny resmi taýdan habar berdi. Çeşmeleriň habar bermegine görä, Manus-yň maýadarlary şertnamany ýatyrmak üçin Meta bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy boldular. Indi amerikan kompaniýasy startapyň Hytaýa degişli ähli aktiwlerini, şol sanda maglumatlaryny we tehnologiýalaryny yzyna gaýtaryp bermeli bolar. The Wall Street Journal neşiriniň bellemegine görä, Meta öz hyzmatlary Hytaýda işlemese-de, mahabat girdejisiniň uly bölegini hytaýly mahabat berijilerden alýar. Manus startapy programmalaşdyrmakdan başlap, maglumatlary we bazarlary seljermäge çenli dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply bolan adybir emeli aň agentini işläp düzýär. Bloomberg hem bu wakanyň yzy bilen Hytaý häkimiýetleriniň ýurduň tehnologiýa kompaniýalarynyň hökümetiň rugsady bolmazdan Amerikadan maýa goýumlaryny çekmegini çäklendirmek meselesine seredýändiklerini habar berdi.