Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar. Barlaga görä, saklanyp galan süýji — glikogen — ubikwitiniň kömegi bilen kadalaşdyrylyp bilner. Bu belok, adatça, soňlugy bilen ýok edilmegi üçin zaýalanan beloklary "belliklemäge" jogapkärdir. Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri tas 50 ýyl bäri dowam edip gelýän ylmy pikirlere garşy çykýar. Bu açyş barlagçylar tarapyndan soňky dört ýylyň dowamynda işlenip düzülen NoPro clipping tehnologiýasy arkaly mümkin boldy. Ol massa spektrometriýasy arkaly ubikwitirleme proseslerini detallaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýär. Alymlar iýmitlendirilýän we aç saklanýan wagtynda syçanlaryň bagrynda ubikwitiniň glikogene nähili birikýändigini synladylar. Olar aç saklanýan döwründe glikogeniň derejesiniň peselýändigi, ubikwitin bellikleriniň sanynyň bolsa artýandygy anyklandy. Bu bolsa süýjiniň dargaýyş prosesinde ubikwitiniň rolunyň bardygyny görkezýär. Barlagçylaryň pikirine görä, netijeler süýji keseli, ýürek we bagyr keselleri, semizlik we glikogeniň metabolizminiň bozulmalary bilen baglanyşykly seýrek keselleri bejermekde möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Häzirki wagtda taslamany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maýadarlar bilen deslapky gepleşikler dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir