ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar. Teleýaýlyma berlen pasport maketinde Trampyň portreti resminamanyň iç ýüzünde ýerleşdirilipdir. Onuň töweregini Garaşsyzlyk Jarnamasynyň teksti we Amerikanyň baýdagynyň şekili gurşaýar. Beýleki sahypasynda bolsa Jon Trambullyň ABŞ-nyň esaslandyryjy atalaryny şekillendirýän "Garaşsyzlyk Jarnamasy" atly kartinasy bar. Döwlet departamentiniň wekili täze pasportlary ABŞ-nyň arza beren ähli raýatlarynyň alyp biljekdigini aýtdy. Bu seriýanyň iýul aýynda, ýurduň ýubileýine gabatlanyp goýberilmegine garaşylýar. Fox News-yň berýän habaryna görä, pasportlaryň goýberilmegi Trampyň administrasiýasynyň “Amerika250” maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Şeýle hem bu maksatnama Milli alleýada Gran-pri ýaryşyny we Ak Tamyň çäginde UFC-niň ýaryşyny geçirmekligi öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir