28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we ministrligiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň barşynda syýasy gepleşikleri has-da pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek we halkara guramalaryň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde özara goldaw bermek meselelerine aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasy özeni bolup, taraplar bu ugurda täze mümkinçilikleri öwrenmäge taýýardyklaryny tassyklady. Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek we medeni-ynsanperwer, ylym hem-de bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda türkmen tarapy moldowaly hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda guralýan halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir