Apple kompaniýasy emeli aň meseleleri üçin niýetlenen, «Baltra» kod ady bilen tanalýan özüniň hususy serwer prosessoryny döretmegiň üstünde işleýär. Bu çipiň kompaniýanyň içerki bulut infrastrukturasynda ulanylmagyna garaşylýar. Onuň esasy wezipesi emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işlemekden we çylşyrymly hasaplamalary ýerine ýetirmekden ybarat bolar. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, prosessor TSMC kompaniýasy tarapyndan ikinji nesil 3 nm tehnologiýasy esasynda öndürilip bilner. Bu bolsa has ýokary iş tizligini we energiýa tygşytlylygyny üpjün eder. Şeýle-de Apple kompaniýasy SoIC (System on Integrated Chips) diýlip atlandyrylýan gaplama tehnologiýasyna uly maýa ýatyrýar. Bu tehnologiýa çipiň böleklerini dikligine ýerleşdirmäge mümkinçilik berip, maglumat çalşygyny çaltlandyrýar we energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar. Habarlardan belli bolşy ýaly, Apple geljekki ýyllar üçin TSMC-niň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly bölegini öňünden eýeläpdir. Bu ätiýaçlandyrylan kuwwatyň belli bir bölegi ýörite serwer çiplerini çykarmaga gönükdiriler. Şeýlelik bilen, Apple emeli aň ulgamyndaky ähli tapgyrlara – çipleriň dizaýnyndan başlap, bulut hyzmatlarynyň işine çenli doly gözegçilik etmegi we bu ugurda özbaşdaklygyny gazanmagy maksat edinýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir