BMW kompaniýasy 2027-nji model ýyly üçin flagman 7 Series sedanynyň täzeden işlenen görnüşi bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň bahasy sähel galdyrylyp, uly tehniki we sanly gowulandyrmalar girizilipdir. Içerki bezegde esasy täzelikleriň biri 17,9 dýuýmlyk merkezi displeýi we öňdäki ýolagçy üçin goşmaça ekrany bolan Panoramic iDrive multimedia ulgamydyr, ol häzirki wagtda standart enjam hökmünde goşulýar. Daşyndan seredeňde, awtoulag tanalýan keşbini saklady, üýtgeşmeler radiator gözenegine we optikasyna täsir etdi. Tehniki täzelenmeler hereketlendirijileriň tutuş düzümine täsir etdi. 3,0 litrlik turbo hereketlendirijili we ýeňil gibridli esasy 740 modifikasiýasy häzir 394 at güýjüni öndürýär, bu bolsa awtoulagyň 100 km/sag tizlige 5 sekuntdanam az wagtda ýetmegine mümkinçilik berýär. i7 50 xDrive-iň we i7 60 xDrive-yň elektrik wersiýalary täze 112 kWt/sag batareýa bilen üpjün edildi, bu bolsa ýöreýiş ätiýaçlygyny 560 km-e çenli artdyrdy. Mundan başga-da, zarýad beriş ulgamynyň kuwwaty 250 kW-a çenli artdyryldy, bu bolsa terminalda geçirilýän wagty ep-esli azaldýar. Tehnologiýa taýdan öňe gidişligine garamazdan, BMW esasy bahasyny 101 350 dollarda saklady, bu bolsa öňki täzelenmedik modelinden bary-ýogy 500 dollar ýokary. i7-niň elektrik wersiýalarynyň bahasy 107 750 dollar bilen 126 250 dollar aralygynda. Bilermenler bu çemeleşmäniň brendiň lýuks derejeli sedan segmentinde, esasan hem premium elektrik awtoulaglaryna islegiň çalt ösýän ýerleri bolan ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlarynda öňdeligini saklamaga kömek etjekdigini belleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir