Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan tassyklady. Akkumulýatorlar: kompaniýanyň öz işläp düzen batareýalarynda doly gaýtadan işlenen kobalt ulanylmaga başlandy. Magnitler: enjamlaryň magnitlerinde 100% gaýtadan işlenen seýrek duş gelýän metallar ulanylýar. Gaplama: Apple öz enjamlarynyň gabynda plastmassany ulanmagy doly bes etdi. Kompaniýa «dünýäni gelenimizdäkiden has gowy ýagdaýda galdyrmak» ymtylyşynyň ähli innowasion proseslere esas bolýandygyny nygtaýar. Bu öňe gidişlikler uly ekologik maksatlaryň tehnologiýalary ösdürmek üçin güýçli itergi bolýandygyny tassyklaýar. Apple özüniň ähli işlerinde doly kömürturşy neýtrallygyna ýetmegi maksat edinýän «Apple 2030» maksatnamasyna ygrarlylygyny saklaýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu meýilnamanyň amala aşmak ähtimallygy örän ýokary. Sebäbi Apple, köp sanly bäsdeşlerinden tapawutlylykda, heniz emeli aň üçin niýetlenen we örän köp energiýa sarp edýän maglumat merkezleriniň sanyny meýilnama päsgel berjek derejede artdyrmady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir