Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardylar. Gözlegiň netijeleri Research in Autism žurnalynda çap edildi. Barlagyň dowamynda alymlar adamlaryň beden hereketleri arkaly emosiýalary tanaýyşlaryny öwrendiler. Seljermä 1300-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen 16 sany ylmy iş girizildi. Ozal bu ugurda geçirilen barlaglaryň netijeleri biri-birinden düýpli tapawutlanýardy. Şoňa görä, käbir barlaglar autizm spektriniň bozulmalary bolan adamlarda kynçylyklaryň bardygyny görkezse, beýlekilerinde hiç hili tapawut tapylmaýardy. Alymlaryň täze seljermesi bolsa netijäniň tabşyrygyň görnüşine baglydygyny görkezdi. Gatnaşyjylardan emosiýalary sözler arkaly düşündirmek soralanda, autizmli adamlar köplenç pes netijeleri görkezdiler. Emosiýanyň güýjüni bahalandyrmak ýa-da ýagdaýlary deňeşdirmek ýaly tabşyryklarda bolsa, tapawutlar asla duýulmady diýen ýaly. «Biz kynçylyklaryň hemişe we hemme şertlerde ýüze çykmaýandygyny görýäris. Bu bolsa meseläniň umumy kemçilik däl-de, eýsem tabşyrygyň görnüşine bolan ýokary duýgurlykdygyny aňladýar» diýip, işiň awtory Ýelena Gawrilowa belleýär. Geçirilen barlagyň netijesinde alymlar geljekki ylmy işleriň has takyk we biri-biri bilen deňeşdirer derejede bolmagy üçin ýörite maslahatlary taýýarladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir