Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara gutlag hatyny ýollady. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi. Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigini belledi. Gutlagda Hytaýyň Türkmenistan üçin iri söwda-ykdysady hyzmatdaşdygy bellenilip, esasan hem nebitgaz, ulag, sanly tehnologiýalar we logistika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Hatda «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi bellenilýär. «Hytaý Halk Respublikasynyň iri kompaniýalary Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri, kärhanalary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň alyp barýan işleri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýär». Döwlet Baştutany Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň täze tehnologiýalary we innowasion tejribeleri alyşmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir