2-nji we 3-nji maýda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sahnasynyň ussatlarynyň uly gala-konserti geçiriler. Dabaraly çärä Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan öňdebaryjy artistler gatnaşar. Opera sungatynyň ussatlary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder. Konsertiň başlanjak wagty 18:00-a meýilleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir