Türkmenistanyň ähli künjeginden gelen 7 – 12-nji synp okuwçylarynyň iki ýüz töweregi Aşgabatda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň meýdançasynda geçirilen «Ýaş inžener – 2026» bäsleşigine gatnaşdylar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýaryşlar toparlaýyn we şahsy hasapda geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça aşakdaky mekdep okwuçylary ýeňiji bolmagy başardylar: «Akylly» önümçilik we hyzmat tehnologiýalary» ugry boýunça – Aýlar Amanowa we Nepes Joragulyýew (Aşgabat halkara mekdebi); «Robototehnika» ugry boýunça – Aznawur Çolukow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi); «Ýaş kodirleýjiler» ugry boýunça – Ata Goşaýew («Kämil bilim» bilim merkeziniň Balkanabat şahamçasy); «BattleBots» ugry boýunça – Ýusup Geldiýew (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebi). «Robototehnika» ugry boýunça iň ökde bäş gatnaşyjy «First Global Challenge – 2026» bütindünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek hukugyny gazandylar. Geçen ýyl Panamada geçirilen bu forumda türkmen mekdep okuwçylary «Skills Challenge» ugry boýunça ýeňiji bolupdylar. «Ýaş inžener – 2026» bäsleşigini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Aşgabat şäher bilim müdirligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi guradylar. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, şeýle çäreler bilim özgertmeleriniň üstünligini aýdyň görkezýär we ýaşlaryň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir