20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna guramanyň işine berilýän goldaw we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant üçin hoşallygyny bildirdi. Taraplar parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, şeýle hem ulag, energetika we ekologiýa ulgamlarynda durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Antoniu Guterriş sebitde durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň uly ähmiýetini belledi, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi. Baş sekretar 2025-nji ýylyň awgustynda «Awazada» geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlady we guramanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.