Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar. IDR neşiriniň habaryna görä, barlaghanada eredilenden soň, bu mikroskopik jandar diňe bir diri galman, eýsem köpelmek ukybyny hem doly dikeltdi. Bu waka biologiýada «kriptobioz» (ýaşaýyş işjeňliginiň doly togtadylmagy) hadysasynyň iň täsin mysallarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Jandar tapylan toprak nusgalarynyň soňky pleýstosen eýýamyna degişlidigi anyklandy. Biologik işjeňligi dikeldilenden soň, kolowratka jynssyz ýol bilen köpelip başlady. Bu bolsa ekstremal şertlerde on müňlerçe ýyl galandygyna garamazdan, organizmiň ähli öýjük funksiýalarynyň doly saklanandygyny subut edýär. Barlagçylaryň pikirine görä, bu açyş ylym üçin düýpli ähmiýete eýedir. Öýjükleriň uzak wagtlap doňan ýagdaýdan soň diri galmagynyň usullaryny öwrenmek lukmançylyk, kriobiologiýa we uzak möhletli kosmos uçuşlaryny meýilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açar.