DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär. Täze model OpenAI kompaniýasynyň GPT-5.5 modelini tanyşdyrmagyndan az wagtdan soň çykdy. Modeliň başlangyç kody açyk bolup, bu işläp düzüjilere algoritmi ýerli derejede gurnamaga we üýtgetmäge mümkinçilik berýär. DeepSeek V4 iki wersiýada hödürlenýär: Pro we Flash. Pro wersiýasy 1,6 trillion parametre eýe (olaryň 49 milliardy işjeň) we işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, matematika hem-de kod ýazmak babatda dünýäniň iň gowy ýapyk modelleri bilen deňeşdirip boljak netijeleri görkezýär. Dünýä baradaky umumy bilimler boýunça bu model diňe Gemini 3.1 Pro-dan yza galýar. 284 milliard parametri bolan Flash wersiýasy bolsa uly modeline ýakyn pikir ýöretme ukyplaryny hödürleýär, ýöne agent režiminde has çalt işlemek üçin optimizirlenendir. DeepSeek-iň üstünligini çykdajylaryň ýokary netijeliligi bilen baglanyşdyrýarlar: mundan öňki R1 modeli iki aýyň içinde öwredilip, oňa 6 million dollardan hem az serişde sarp edilipdi. Täze V4 wersiýasyny okatmak işini Huawei kompaniýasynyň Ascend tizleşdirijilerinde işleýän hasaplaýyş klasterleri goldap biler. Häzirki wagtda neýroulgam eýýäm çat-botuň web-interfeýsinde, goşundysynda we işläp düzüjiler üçin API arkaly elýeterlidir.