23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi. ​Milli meteorologiýa gullugy sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Tornadolar Oklahoma ştatyndan Missuri we Aýowa ştatlaryna çenli giňişligi öz içine alan güýçli tupanlardan soň emele geldi. ​Iň uly weýrançylyk ilaty 50 müň töweregi bolan Enid şäherinde bellige alyndy. Bu şäher Oklahoma-Siti şäherinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlaryny zaýalady, birnäçe kollejlere we howa menziline zyýan ýetirdi. Şäheriň çägindäki Wens howa bazasy hem zyýan çekdi. ​Ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Enidiň günortasynda 10-11 adam ejir çekdi. Olaryň ýeňil derejede şikes alandygy habar berilýär. Iň köp zyýan çeken sebitlerde gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Oklahomanyň gubernatory Kewin Stitt sosial ulgamlarda ýaşaýjylary ejir çekenler üçin doga-dileg etmäge çagyrdy. ​Ýetirilen zyýanyň möçberi takyklanýar. Tornadonyň Faýrmont şäheriniň tarapyna hereket edýändigi habar berilýär. Arkanzas we Missisipi ştatlarynda bolsa suw joşmalarynyň bolmak ähtimallygy saklanyp galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir