Ýakyn bäş ýylda dünýäde milliarderleriň sany 3915 adama çenli köpelip biler. Bu bolsa häzirki wagtda bar bolan 3110 milliarder bilen deňeşdirilende, görkezijiniň 25% artjakdygyny aňladýar diýip, «The Guardian» neşiri Knight Frank kompaniýasyna salgylanyp ýazýar. Baýlygy 30 million dollardan geçýän multimillionerleriň topary has-da artar. Olaryň sany 2021-nji ýyldan bäri eýýäm 300%-den gowrak köpelip, 713 626 adama ýetdi. Knight Frank kompaniýasynyň barlag bölüminiň ýolbaşçysy Liam Beýliniň aýtmagyna görä, beýle uly baýlyklaryň toplanmagy tehnologiýalardan, hususan-da, emeli aňdan gelýän girdejiler bilen baglanyşyklydyr. «Işewürligi giňeltmek mümkinçiligi ozal hiç wagt beýle ýokary bolmandy. Bu ýagdaý tehnologiýalar we emeli aň arkaly gysga wagtyň içinde ägirt uly baýlyk toplamaga ýol açdy» – diýip, ol belledi. Milliarderleriň sanynyň iň okgunly ösüşiniň Saud Arabystanynda bolmagyna garaşylýar, bu ýerde olaryň sany iki esseden hem köp artyp, 23-den 65-e ýetip biler. Polşada bu görkezijiniň 13-den 29-a çenli, Şwesiýada bolsa 81% artmagy çaklanylýar. Geografik taýdan paýlanyş hem üýgär. Häzirki wagtda dünýädäki ähli milliarderleriň üçden birine golaýy Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bolsa, 2031-nji ýyla çenli liderligiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitine geçmegine garaşylýar. Bu sebit dünýädäki aşa baý adamlaryň umumy sanynyň 37,5%-ine eýe bolar. Oxfam haýyr-sahawat guramasy geçen ýyl milliarderleriň sanynyň rekord derejä ýetendigini hasaba aldy. Olaryň sany taryhda ilkinji gezek 3 müň adamdan geçdi, umumy baýlyklary bolsa 18,3 trillion dollara ýetdi.