24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa döwletara gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýiň Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary we ýurduň durnukly ösüş babatdaky halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Latyn Amerikasy döwletleri bilen gepleşikleri giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem myhmana Mejlisiň düzümi we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Taraplar türkmen-argentin gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarynyň giň gerimi boýunça pikir alyşdy. Kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň ahyrynda Enrike Ignasio Ferrer Wieýra özara ynam we hormat esasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir