Hytaýyň Çžençžou uniwersitetiniň alymlary almaz daşyny maýyşgak etmegiň usulyny tapdylar, munuň üçin daşy nano-göwrümlere çenli kiçeltmeli boldy. Açyş ylmyň dürli ugurlary, şol sanda kwant hasaplamalar üçin peýdaly bolup biler diýip, «MIR 24» ýazýar. Synag wagtynda aýratyn nano-almazlary (diametri 4-den 13 nanometre çenli) iki almaz indentorlaryň arasyndaky şöhle geçiriji elektron mikroskopa ýerleşdirdiler we gysdylar. Şunda datçikler her nano-almazyň gysylma nä derejede garşylyk görkezýändigini ölçedi, ýokary çözgütli kamera bolsa almazyň atomlarynyň hereketini surata düşürdi. Synlamalar almazlaryň göwrümi kiçeldigiçe gatylygynyň-da peselýändigini görkezdi, 13 nanometrlik almazlar adatylar ýaly gatylygyna galan bolsa, 8 nanometrlik almazlar takmynan 30 göterim ýumşady. Munuň sebäbiniň almazyň daşky üsti bilen däl-de, onuň aşagyndaky gatlak bilen baglydygy anyklandy. Geljekde alymlar dürli temperaturalaryň we gaýtadan işlemekligiň nano-almazlaryň çeýeligine täsir edişini öwrenmek isleýärler. Şeýle kristallar kwant hasaplamalar ýaly ugurlarda peýdalanylar diýip, «Physical Review X» (PhRevX) neşiri ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir