Ýeňiş güni we Russiýanyň güni ýurtda, adatça, asmandaky bulutlar dargadylýar. Bu barada ýurduň «Gidrometsentr» gullugynyň esasy hünärmeni Lýudmila Parşina «Ria Nowosti» habarlar agentligine gürrüň berdi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, 1990-njy ýylda işlenip düzülen oňaýly howa şertlerini döretmek tehnologiýasy 1995-nji ýyldan bäri giňden ulanylýar. Ýagny bulutlary dargatmak üçin ýodly kümüş peýdalanýar. Ony uçarlaryň kömegi arkaly asmanda pürkýärler. Eger ygal ähtimallygy ýokary bolsa, onuň beýleki ýerlere az möçberde ýagmagy üçin ýodly kümüşe suwuk azot, gury buz we beýleki düzüm bölekleri goşulýar diýip, sinoptik düşündirdi. Bulutlary dagytmak işine çäräniň başlamagyndan 1-1,5 sagat öň, onuň geçjek ýerinden 50-150 kilometrlikde girişilýär. Hünärmen bu işiň döwlete örän gymmat düşýändigini, emma dabaraly Ýeňiş ýörişi wagtynda uçarmanlaryň howpsuzlygyny goramak üçin möhümdigini nygtady. «Awiasiýa üçin Ýeňiş ýörişi wagtynda diňe ýagyn däl, duman, pes görüş we pessejik bulutlar hem howply» diýip agentligiň söhbetdeşi düşündirdi.