Hindistan, meteorologik gulluklaryň maglumatlaryna görä, ählumumy maýlamanyň merkezine dönene meňzeýär. Dünýäde howanyň hilini ölçeýän «AQI.in» gullugynyň çap edilen maglumatlaryna laýyklykda, hut bu günortaaziýa respublikasynda 20 sany iň yssy şäherleriň 19-sy ýerleşýär. Ýagny 43 gradus yssydan başlaýan howa rekordlary Hindistanyň Bihar, Günbatar Bengaliýa we iň gür ilatly Uttar-Pradeş ştatlarynyň käbir ýerlerinde hasaba alynýar. Adatdan daşary yssy şäherlere häzir şeýle-de Bihardaky Bhagalpur, Odişedäki Talçer we Bengaliýadaky Asansol şäherleri girýär. Olarda howanyň 44-45 dereje gyzandygy eýýäm hasaba alyndy. Nepalyň Lumbini ilatly ýeri 20-lige giren, Hindistana degişli däl ýeke-täk şäher boldy. Häzirki wagtda Hindistanyň köp bölegine ýyly tolkun süýşýär diýip, ýerli meteorologlar duýdurýarlar. Hindi subkontinentindäki şeýle howa hadysasyna we golaý döwürde garaşylýan güýçli yssa dürli ýagdaýlar sebäp bolýar. Olaryň arasynda aprelde ygalyň azlyk etmegi bilen baglylykda, ýeriň üstüniň güýçli gyzmagy, açyk asmanda Günüň uzak wagtlap topragy gyzdyrmagy, galyberse-de, Gimalaýlardaky Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän gar örtüginiň azlyk etmegi görkezilýär. Bu barada «India Today» gazetine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir