Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) ýerine ýetiriji direktory Patrik Ložewski bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Waşingtondaky diplomatik wekilhanasy habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşyk Türkmenistan bilen gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljekki özara hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlediler. HPG bilen Türkmenistanyň döwlet maliýe institutlarynyň arasyndaky tehniki utgaşdyrmany kämilleşdirmäge, umumy ykdysady ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmekde has utgaşykly we amaly çemeleşmäni üpjün etmäge esasy üns berildi. Ilçi E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen anyk netijä gönükdirilen konstruktiw gepleşikleri alyp barmaga ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir