ABŞ-da iki ýolagçy uçary gudrat bilen heläkçilikden halas boldy: olar uçuş-gonuş zolagyna inýärkäler birek-birege 150 metrden hem golaý gelip, tasdan çaknyşypdylar. Waka duşenbe güni Nýu-Ýorkuň Jon Kennedi adyndaky halkara howa menzilinde boldy diýip, «rg.ru» gürrüň berýär. «American Airlines» we «Air Canada» awiakompaniýalaryň uçarlarynyň birek-birege howply aralykdan uçup geçişini «Flightradar24» trekeri hasaba aldy. ABŞ-nyň raýat awiasiýasy federal edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan habarda «American Airlines» kompaniýasynyň «Republic Airways 4464» bortunyň gaýtadan gonuş zolagyna girende, «Air Canada» kompaniýasynyň «Jazz Aviation 554» uçuşyny amala aşyrýan uçaryna tarap öwrülip, futbol meýdançasyndan hem az aralyga golaýlandygy bellenýär. Ady tutulan edara uçarlaryň ikisiniň hem awiadispetçerleriň howsala duýduryşyna derhal seslenip, uçar heläkçiliginiň öňüni alandyklaryny habar berdi. Häzirki wagtda wakanyň jikme-jiklikleri derňelýär.