Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kýeti we Peskara şäherleriniň Gabriele d’Annumsio uniwersitetiniň arasynda geçirilen onlaýn-konferensiýanyň dowamynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminama türkmen-italýan ynsanperwer gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek boýunça mundan beýläkki tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat goýdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär. Ylalaşygyň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki işler, şol sanda mugallymlaryň we talyplaryň alşylmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak, iki ýokary okuw mekdebiniň professorlarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin hünär ýokarlandyryş sapaklaryny guramak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, uniwersitetlerde geçirilýän halkara çärelerine özara gatnaşmak göz öňünde tutulýar. Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annumsio uniwersiteti türkmen ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň hataryndadyr we Italiýanyň iň abraýly ýokary mekdepleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebi taryh, geologiýa, inženerçilik, arhitektura, medisina, psihologiýa ýaly ugurlarda dünýä ähmiýetli ylmy barlaglar merkeziniň derejesine eýedir. Habarda bellenilişine görä, Kýeti-Peskara uniwersitetiniň Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri bilen bilelikde ynsanperwer ylymlary — arheologiýa, medeni miras we häzirki zaman taryhy ulgamynda alyp barýan giň gerimli ylmy-barlag işleri aýratyn üns çekmäge mynasypdyr.