Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ornuny bellediler. Ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we energetika sektoryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň baý energetika mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly pursatlaryň bardygyny görkezdiler. G.Gezalow türkmen tarapyny Hytaý bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişilmegi bilen gutlady. Taraplar strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we energetika ulgamynda amaly gatnaşyklary artdyrmak niýetlerini tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir