Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Astanada geçirilýän Sebit ekologiýa sammiti (SES-2026) öz işine başlady. Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çäräniň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Soňra sammitiň plenar mejlisi öz işine başlady. Sammitiň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyzystanyň Pezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň we Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kwelaşwiliniň çykyş etmegine garaşylýar. Şeýle hem Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we sosial meseleler boýunça orunbasary Li Sýunhuanyň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Inger Anderseniň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçanyň çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende bellesek, Sebit ekologiýa sammitiniň dowamynda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi ugrunda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň möhüm ekologiýa, howa we suw meselelerini çözmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sebit ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.