Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadanyň ýeňijileri mälim edildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, jemi 26 baýrakly orun eýelendi: 5 sany birinji orun, 9 sany ikinji orun we 12 sany üçünji orun. Birinji orna mynasyp bolan bäş ýeňijiniň hatarynda Döwran Akmyradow we Yslam Şamadow (Magtymguly adyndaky TDU), Arslan Baýramow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Emir Merdanow (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) we Begenç Baýrammyradow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) bar. Ýeňijiler we baýrakçylar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandyryldy.