Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 15–16-njy aprelde informatika boýunça IV Halkara açyk internet-olimpiada geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Saud Arabystanynyň we Liwiýanyň 57 ýokary okuw mekdebinden 793 talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň açylyş dabarasyndan soň talyplar algoritmik programmirleme, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça şahsy tertipde tabşyryklary ýerine ýetirmäge girişdiler. Türkmenistandan baýrakly orunlary Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary eýelediler. Şeýle-de baýrakly orunlara Gazagystandaky K.I. Satpaýew adyndaky Milli barlag tehniki uniwersitetiniň, Özbegistandaky Buhara döwlet uniwersitetiniň, Belarusyň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly gatnaşyjylary hem mynasyp boldular. Ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandy. Bu olimpiada uniwersitet tarapyndan yzly-yzyna dördünji ýyl üstünlikli geçirilip, zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak üçin täsirli meýdança bolup hyzmat edýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir