Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurduň ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamagyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. «Hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini belläp, wekiliýet Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Taraplar Bütindünýä bankynyň toparynyň Türkmenistanyň milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini goşmaça goldap biljek strategik ugurlaryny maslahatlaşdylar» diýlip, habarda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä bankynyň toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe konstruktiw ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir