Gazagystan milli reýting agentligini döretmekçi, bu Respublikanyň öz işewürligini ýöretmek isleýän kompaniýalary we banklary özbaşdak bahalandyrmakçy bolýandygyny aňladýar diýip, «MIR 24» ýazýar. Haçanda ygtybarlylyk bahalandyrmasy aç-açan bolanda, maýa goýumçylar ynamly çözgüt kabul edip, köp serişde maýa goýup bilerler. Galyberse-de, olar ýerli şertleri we ýurduň bazaryndaky hakyky ýagdaýy hasaba almak bilen, işewürlik taslamalar barada maglumatlary edinip bilerler. Reýtingleri düzmek üçin olary sargyt edýän kompaniýalaryň özleri tölärler. Täze agentlikden karz ygtybarlylygy, ekologiýa derejesi, durmuş jogapkärçiligi we işewürligi dolandyryş hili barada maglumatlary alyp bolar. Şeýle hyzmatlaryň nyrhy häzir halkara agentliklerde 50 müň dollardan başlanýar, Gazagystanda bolsa, bäş million teňňeden ugur alnar. Bilermenler milli agentligiň döredilmeginiň aç-açan maliýe ulgamyna tarap möhüm ädimdigini belleýärler. Onsoňam ýurduň bazaryndaky «oýnuň düzgünleri» indiden beýläk işewürleriň özlerine-de, daşary ýurt maýa goýumçylara-da düşnükli bolar diýlip, habarda nygtalýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir