15-nji aprelde Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary W.Şaýhraziýewiň arasynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrligiň saýtynda habar berlişine görä, duşuşykda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar sanly bilim, bilim edaralarynyň sanlylaşdyrylmagy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň «Kazan Digital Week» ýaly halkara çärelerine işjeň gatnaşýandygy hem-de bu ugurda Tatarystanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýändigi bellenildi. Mugallymçylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, 2023 — 2025-nji ýyllarda Naberežnoýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan Türkmenistanda geçirilen okuw sapaklaryna hyzmatdaşlygyň anyk netijesi hökmünde baha berlendigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda professor-mugallymlar düzüminiň alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek, bilelikdäki ylmy-barlag işlerine ýardam bermek, sanly bilim mümkinçiliklerini ösdürmek we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşma geçirildi. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzakmöhletli, özara bähbitli hem-de netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir