Britaniýaly dizaýner Jastina Aleksandroff «Faux Flora» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama 3D-printerde çap edilen emeli güllerden ybarat bolup, olar hapalanan howa şertlerinde arylar üçin ysly çelgi wezipesini ýerine ýetirer. Bu enjamlar smogyň tebigy yslary bökdän wagtynda mör-möjeklere hakyky ösümlikleri tapmaga kömek edýär. Emeli güller arylar çekmek üçin üç sany faktory ulanýarlar. Olaryň birinjisi mör-möjekleriň wizual kabul edişine laýyk gelýän radial simmetriýa, ikinjisi gülleriň üstki gatlagy ýagtyny yzyna serpikdirýän şöhle saçýan ýüz, üçünjisi bolsa şäher hapalaryna garşy durnukly bolan ýörite aromatik molekulalardyr. Ysyň formulasy Bangalordaky «NICE Labs» barlaghanasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Onuň esasynda tozanlandyryjylar üçin iň özüne çekiji bolan žasmin gülüniň molekulalary durýar. Bu taslama «görnüşara dizaýn» ugruna degişli bolup, onda adamyň däl-de, eýsem janly-jandarlaryň duýuş ukyplaryna uly ähmiýet berilýär. Awtoryň pikirine görä, munuň ýaly güller ekoulgamy goldamak üçin şäher gurşawyna ornaşdyrylyp bilner. Häzirki wagtda «Faux Flora» prototipleri hakyky şertlerde öz netijeliligini subut etmek üçin meýdan synaglaryna taýýarlanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir