Hytaýda ABŞ-dan yzyna gaýdyp gelýän emeli aň hünärmenleriniň sanynyň görnetin artandygy bellenilýär. Gürrüň ozal Google DeepMind we OpenAI ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtlerinde işlän onlarça tejribeli inženerler we barlagçylar barada gidýär. ​Hünärmenleriň watanyna dolanmagynyň sebäpleriniň arasynda diňe bir bäsleşige ukyply zähmet şertleri däl, eýsem, täze oýlap tapyşlary durmuşa geçirmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hem bar. Hytaýda, aýratyn-da, Şençžen ýaly tehnologiýa merkezlerinde emeli aň çözgütleri senagatdan robototehnika çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has tiz ornaşdyrylýar. ​Şunlukda EA hünärmenleriniň Hytaýda işlemek islegine täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyş depgininiň ýokarylygy we ABŞ-nyň girizýän wiza düzgünleriniň, býurokratik bökdençlikleriň we syýasy basyşlaryň bu ýurtda işlemek höwesini peseltmegi sebäp bolýar diýip bellenilýär. Görnüşi ýaly, Hytaý kem-kemden emeli aň ulgamynda dünýäniň özbaşdak merkezine öwrülýär we iň güýçli kadrlary özüne çekmegi başarýar. Bu ýagdaý dünýäniň tehnologiýa bazarynda güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemegine we Hytaýyň emeli aň bäsleşigindäki ornunyň has-da berkemegine esas bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir