Iň dowamly iş hepdesi bolan ýurtlaryň dünýä boýunça sanawynda Butan birinji ýeri eýeledi. Bu ýurtda hepdelik iş wagtynyň ortaça görkezijisi 54,7 sagatdyr. Sanawyň lider ýurtlaryndaky ýokary agram zähmet köp sarp edilýän pudaklaryň agdyklyk etmegi we awtomatlaşdyrmagyň pesligi bilen şertlendirilýär. Ikinji orny hepdede takmynan 50 sagat görkeziji bilen Lesoto eýeleýär, üçlügi bolsa San-Tome we Prinsipi (49 sagat) tamamlaýar. Şeýle hem saýlama 5-lige Kongo Respublikasy we Iordaniýa girdi. Iş tertibi dowamly bolan ýurtlaryň köpüsi ykdysadyýeti oba we tokaý hojalygyna güýçli bagly bolan Aziýada hem-de Afrikada ýerleşýär. Ekspertler gysga iş hepdesini doly ýagdaýda gülala-güllügiň alamaty diýip kabul etmeli däldigini belleýärler. Meselem, iş sagatlary iň az bolan bäş ýurtlaryň hataryna ýokary derejede ösen Norwegiýa bilen bir wagtda Ýemenem girýär.