13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär. ​Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu seýrek duş gelýän teňňe biziň eýýamymyzdan öňki 281–261-nji ýyllar aralygynda, häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda zikgelenipdir. Gymmatlygyň bir tarapynda Korinf tuwulgasyny geýen Afina hudaýynyň keşbi, beýleki tarapynda bolsa naýzaly we ikli Afina şekillendirilipdir. ​Ekspertler munuň Berlin şäheriniň çäginde tapylan ilkinji gadymy grek tapyndysydygyny belleýärler. Mundan ozal bu sebitde esasan Rim döwrüne degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýardy. ​Teňňäniň agramy 7 grama golaý bolup, diametri 12 millimetrdir. Taryhy gymmatlygyň şunça ýyllap ýatan ýeri bolan gonamçylyk meýdançasyndan, öň keramika we bürünç önümleri hem tapylypdy ​Alymlaryň çaklamasyna görä, bu şaýlygyň öz döwründe dürli dini däp-dessurlar maksatly ulanylan bolmagy-da mümkin. Mekdep okuwçysy taryhy tapyndyny hünärmenlere dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Häzirki wagtda bu gadymy teňňe Berlindäki PETRI arheologiýa merkezinde sergilenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir