Türkmenistanyň Prezidenti Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Resminama 10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanyna hödürlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow agzalan komitetiň ýedinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol şu ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler. Duşuşygyň esasy maksady Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda Hytaýa amala aşyran saparynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň martynda Pekine bolan dostlukly saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekden ybarat. Hökümetara komitetiniň öňümizdäki mejlisiniň gün tertibine şu aşakdaky meseleler girizildi: Strategik ähmiýetli gaz känlerini özleşdirmek; Demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak; Kiberhowpsuzlygy we biohowpsuzlygy üpjün etmek; Hytaý – Türkmenistan – Hazar deňzi – Ýewropa hem-de Türkmenistan – Hytaý – Günorta we Gündogar Aziýa – Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ugurlary boýunça ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek; Aragatnaşyk we sanlylaşdyrma ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hem-de işjeňleşdirmek; Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek; Oba hojalygy ugrunda gatnaşyklary ilerletmek; Bilim we ylmy-tehniki ulgamlarda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglaryň netijelerini iş ýüzünde ornaşdyrmak. Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar. 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiň 10-njy mejlisini we Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 3-nji mejlisini geçirmek göz önünde tutulýar.