UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Ýewropa ligasynda öz öýünde ýeňiş gazanan ýeke-täk klub bolan «Fraýburg» jogap oýnunyň öňüsyrasynda özüni uly artykmaçlyk bilen üpjün etdi. Şeýle hem Unai Emeriniň tälim berýän «Aston Willa» topary myhmançylykda «Bolonýany» utup, gowy netije görkezdi. Oýunlaryň netijeleri: «Braga» — «Betis» — 1:1 (Grilliç, 5; Kuço, 61 – penaltiden). «Bolonýa» — «Aston Willa» — 1:3 (Rou, 90; Konsa, 44, Uotkins, 51, 94+). «Portu» — «Nottingem Forest» — 1:1 (Wilýam Gomes, 11; Martim Fernandeş, 13-awtogol). «Fraýburg» — «Selta» — 3:0 (Grifo, 10, Beste, 32, Ginter, 78). Jogap oýunlary bir hepdeden soň, 16-njy aprelde agşam we 17-nji aprele geçilýän gije Sewilýada, Birmingemde, West-Brijfordda we Wigoda geçiriler. Konferensiýa ligasynyň oýunlary bolsa kabul edýän taraplaryň ynamly ýeňişleri bilen tamamlandy (Doneskiň «Şahtýory» Krakowdaky bitarap meýdançada uly hasap bilen ýeňiş gazandy). Oýunlaryň netijeleri: «Raýo Walýekano» — AEK Afiny — 3:0 (Ahomaş, 2, Unai Lopes, 47+, Palason, 74 – penaltiden). «Kristal Pelas» — «Fiorentina» — 3:0 (Mateta, 24 – penaltiden, Mitçell, 31, Sarr, 91+). «Maýns» — «Strasbur» — 2:0 (Sano, 11, Poş, 19). «Şahtýor Donesk» — AZ — 3:0 (Pedrinýo, 72, Alisson, 81, 83). Jogap duşuşyklary 16-njy aprelde agşam we 17-nji aprele geçilýän gije bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir