8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary ugratdy diýip, TDH habar berýär. Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde ony iki ýurduň resmi wekilleri mähirli garşylady. Bu sapar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Bu hyzmatdaşlyk möhüm strategik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işini işjeňleşdirmek, gurluşyk we gaýtadan işleýän senagata Awstriýanyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek şertlerinde Awstriýanyň demir ýol we logistika tejribesini ulanmak arkaly yklymara geçelgeleri ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, uglerod zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak durnukly geljegiň bähbidine bilelikdäki işler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurtlaryň halklaryny ruhy taýdan birleşdirmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine aýratyn orun degişlidir. «Galkynyş» simfoniki orkestriniň we Wena ballarynyň üsti bilen «saz diplomatiýasyny» ösdürmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sapary hem iki ýurduň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de halkara durnuklylygy üpjün etmekdäki bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilendir.