Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi. 99-njy dabara 2027-nji ýylyň 14-nji martynda geçiriler. Ýubileý, ýagny 100-nji dabaraly çäre bolsa 2028-nji ýylyň 5-nji martyna meýilleşdirildi. 2029-njy ýyldan başlap, «Oskar» dabarasy Golliwuddaky meşhur «Dolby» kinoteatrynyň deregine Los-Anjelesdäki täze «Peacock Theatre» meýdançasyna göçer. Şeýle hem ýaýlyma berliş usuly üýtgediler — adaty teleýaýlymyň deregine YouTube arkaly göni ýaýlym ýola goýlar. Martda geçen «Oskaryň» soňky gowşurylyş dabarasynda esasy ýeňiji Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy — ol iň gowy film, režissýorlyk, ssenariý we ikinji derejeli erkek keşbi (Şon Penn) ýaly ugurlar boýunça jemi alty sany heýkeli aldy. «Günäliler» we «Frankenşteýn» filmleri hem birnäçe baýraga mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir