Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekip, Türkmenistanyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň şertleriniň biri hökmünde sport ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyndan başlandy. Bu çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, diplomatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem talyplar we professional türgenler gatnaşdy. Ýörişiň ugry paýtagtyň döwrebap şaýollaryndan geçdi. Welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň geçýän ýollarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Çäräniň dowamynda sporty ösdürmegiň we ekologik taýdan arassa ulagy wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygy nygtaldy. Prezident sport diplomatiýasynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edendigini ýatlatdy. Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutany işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerine görelde bolmak bilen, özüniň ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Welosiped ýörişi şäheriň merkezindäki Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutany gatnaşyjylara ýüzlenip, sagdyn we maksada okgunly nesli kemala getirmek üçin ýaşlary bedenterbiýe hereketine mundan beýläk-de çekmegiň zerurdygyny belledi. Baýramçylyk mynasybetli şeýle köpçülikleýin sport we medeni çäreler şu gün ýurduň ähli sebitlerinde we Arkadag şäherinde hem geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir