Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy we türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady. Diplomatlar syýasy özara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň tutýan ornuna aýratyn üns berdi. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem bilim, sport we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir