Alymlar Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda DNK-ny we RNK-ny emele getirýän maddalaryň bäşisini hem tapdylar. Bu açyş ýaşaýyşyň ähli "gurluşyk bölekleriniň" kosmosda emele gelmek bilen, Ýere düşendigi baradaky çaklamany goldaýar. Rýugu 1999-njy ýylda tapylan Ýere golaý asteroiddir. Alymlar onuň uçujy maddalaryň doňýan ýeri bolan "gar çyzygynyň" çäginden daşarda emele gelendigini çaklaýarlar. Onuň diametri takmynan 900 metr we ýaşy 4,5 milliard ýyl töweregi. Öň nusgalarda organiki birleşmeler we aýry-aýry nukleo esaslar tapylýardy, ýöne indi doly toplumyň: adeniniň, guaniniň, sitoziniň, timiniň we urasiliň bardygyny tassyklamak mümkin boldy. Seljeriş işini geçirmek üçin barlagçylar organiki maddalary çykarmak maksady bilen suwy we konsentrirlenen duz turşusyny ulandylar, soňra bolsa ýokary takyklykly ölçeg usullaryny ulandylar. Nusgalarda aminokislotalar, moçewina we beýleki organiki birleşmeler hem tapyldy. Beýleki asman jisimleri bilen deňeşdirmeler bu maddalaryň Ýerde emele gelmändigini görkezdi. Bu barlagyň has jikme-jik netijelerini Nature Astronomy žurnalyndan tapyp bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir