Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşykda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, işleriň hilini üpjün etmek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemäge görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi. D.Orazow desgalaryň gurluşygynyň barşy barada giňişleýin maglumat berdi. Ozal berlen tabşyryklary göz öňünde tutmak bilen, işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülýändigi, gurluşygyň hiline, ulanylýan serişdeleriň berkligine we uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ol işleriň ýerine ýetirilişine we golaýdaky ýerlerde ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şäheriň häkimi G.Mämmedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem şäherde abadanlaşdyryş we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Degişli düzümleriň sazlaşykly hereket edýändigi bellenildi. Milli Lider ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmelidigini belledi. Meýilleşdirilen dabaralara atşynaslaryň we şäher ýaşaýjylarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir