Mary welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby Maksatmyrat Ýardymow 21-nji martda Astana şäherinde onlaýn görnüşde geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde I derejeli baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu sylag türkmen talybyna Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine goşan saldamly goşandy üçin gowşuryldy. Maksatmyrat Ýardymowa I derejeli diplom, kubok, şahadatnama hem-de bäsleşigiň ýeňijisine degişli döş nyşany gowşuryldy. Halkara bäsleşigi «Žaňa Қazaқstan» innowasion merkezi hem-de «Bilim örkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir