Ýurduň Gündogar sebitinde köpçülikleýin ýüpek gurçugyny idetmek işlerine badalga berildi. Ilki bilen welaýatyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Döwletli, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň zähmetsöýer ýüpekçileri girişdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Köýtendag etrabynyň ýüpekçileri 1 müň 42 guty gurçuk tohumyndan 38 tonna, Döwletli etrabynyň pileçileri 1 müň 259 guty gurçuk tohumyndan 46 tonna, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileri hem degişlilikde 2 müň 327 we 4 müň 5 guty gurçuk tohumyndan 85 we 97 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanýarlar. Häzirki wagtda ýokarda atlary agzalan etraplarda ýüpek gurçuklary irki möhletde janlandyrylyp, «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki bölümleri bilen şertnama baglaşan ýüpekçilere paýlanylýar. Welaýatyň beýleki etraplarynda hem ýüpek gurçuk tohumlary janlandyrmak üçin inkubatorlarda goýuldy, ýakyn wagtlarda bu etraplaryň ýüpekçilik hojalyklarynda hem ýüpek gurçugyny idetmeklige girişiler. Ýüpek gurçuklary janlandyrylanda degişli biologik kadalaryň berjaý edilmegi gurçuklaryň sagdyn örüzilmegine ýardam edýär. Welaýatyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 10 müň 10 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde hem jogapkärli möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir