1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Azerbaýjanyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, «Azerbaýjan Demirýollary» Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamow, şeýle hem «Baku halkara deňiz söwda porty» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy. Taraplar ulag geçelgelerini ösdürmek, deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ýük geçirijiligini artdyrmak we portlaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak meselelerine seretdi. Üstaşyr geçelgeleri we halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem Aşgabatda we Bakuwda işewürler forumyny hem-de önümleriň sergisini geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak we Hazar deňziniň mümkinçiliklerini doly ulanmak arkaly önümleriň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Baku halkara deňiz portuna we Alat erkin ykdysady zolagyna baryp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.